Gahryman Arkadagymyz
Gurbanguly Berdimuhamedow:
Ýurdumyzda suw, ýer we biologiýa serişdeleriniň netijeli peýdalanylmagy, çölleşmä hem – de tokaýlaryň ýitip gitmegine garşy göreşmek boýunça ägirt uly işler alnyp barylýar. “Howanyň üýtgemegi boýunça milli strategiýa” we
“Türkmenistanyň Milli tokaý maksatnamasy” tapgyrlaýyn esasda durmuşa geçirilýär. Munuň özi türkmen topragynyň ajaýyp tebigatynyň köpdürlüligini we gözelligini saklamaga gönükdirilendir.
Türkmenistanyň döwlet ekologiýa syýasaty diňe ýurdumyzda däl-de, eýsem, bütin dünýäde ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek arkaly durnukly ösüşi gazanmaga gönükdirilendir. Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň döwlet ekologiýa syýasatynda adamyň we tebigatyň sazlaşykly gatnaşygyny ylmy esasda ösdürmek arkaly tebigaty goramak, tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmak meseleleriniň çözgütlerine uly orun berilýär. Durmuşyň barha ösýän akymy bilen bilelikde ynsanyň tebigata synçylygy-da, söýgüsi-de ösüpdir, kämilleşipdir. Tebigy gözellikler, esasan, sungat bilen meşgullanýan adamlaryň ylham çeşmesine öwrülipdir. Adamlar öz ýaşaýyşlary bilen üznüksiz baglanyşykly bolansoň, özlerine gözellik nusgasy bolup hyzmat edýän tebigata aýawly garapdyrlar, onuň dürli hadysalarynyň ähmiýetine düşünmezden durmuşy abadanlaşdyryp, gözelleşdirip, baýlaşdyryp bilmejekdiklerine barha gowy düşünipdirler. Muňa taryhyň gatlaryna ser salsaň hem göz ýetirmek bolýar. Tebigatyň arassalygy adamlaryň saglygynyň girewidir. «Il saglygy – ýurt baýlygy» – bu pikir Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanda saglygy goraýşy ösdürmegiň ylmy esaslary» atly kitabynyň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda başlanan beýik işler bu gün hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda mynasyp dowam etdirilýär. Bu işler bolsa ýurdumyzda kämil, sagdyn şahsyýeti, ösen jemgyýeti we kuwwatly döwleti döredýär. Adamlaryň saglygy olaryň edýän işleriniň rowaçlygynyň girewidir. Daşky gurşawy goramak meselesi il-halk bähbitli meseleleriň biridir.
Mugja BAZAROWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky TDMI-niň Pedagogika fakultetiniň “Başlangyç bilimiň mugallymçylygy we psihologiýasy” hünäriniň I ýyl talyby.

