SYÝASAT

Daşkentde terrorçylyga garşy göreşmek boýunça Halkara maslahaty geçirildi

2022-nji ýylyň 3-4-nji martynda Daşkentde Hereketleriň bilelikdäki meýilnamasynyň (HBM) 10 ýyllygyna bagyşlanyp «BMG-niň Terrorçylyga garşy Global strategiýasynyň durmuşa geçirilmegi boýunça Hereketleriň bilelikdäki meýilnamasynyň çäklerinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň sebitleýin hyzmatdaşlygy» atly ýokary derejeli Halkara maslahat geçirildi. Oňa Türkmenistanyň wekiliýeti gatnaşdy, diýip, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi saýtynda habar berilýär.

Nobatdaky maslahat Merkezi Aziýada terrorçylyga garşy göreşmek boýunça Hereketleriň bilelikdäki meýilnamasynyň durmuşa geçirilmeginiň 10 ýyllygynyň jemini jemledi we BMG-niň Terrorçylyga garşy Global strategiýasynyň bu sebitde amala aşyrylmagynyň özboluşly tejribesi bilen tanyşmaga mümkinçilik berdi.  

Ýokary derejeli duşuşygyň çäklerinde BMG-niň Terrorçylyga garşy Global strategiýasynyň Merkezi Aziýada durmuşa geçirilmegi boýunça Hereketleriň bilelikdäki täzelenen meýilnamasy kabul edildi we resminama terrorçylygyň hem-de zorlukly ekstremizmiň düýpli sebäplerine garşy garşy barlyşyksyz göreşiň alnyp barylmagyna gönükdirilendir.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: