Daşary ýurtlaryň haýsynda mugt bilim alyp bolýar?
«Orient.tm» daşary ýurtlarda mugt okamak üçin berilýän stipendiýa maksatnamalarynyň sanawyny çap etdi.
Uniwersitetleriň halkara maksatnamaly stipendiýa (talyp hakyny) we mugt bilim bermäge gönükdirilendir. Şeýle stipendiýalar diňe uniwersitetler tarapyndan däl-de, halkara guramalar tarapyndan hem berilýär.
Chevening — Beýik Britaniýanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan maliýeleşdirilýän stipendial maksatnama. Stipendiýa görnükli lider häsiýetli dalaşgärlere islendik hünär boýunça britan ýokary okuw jaýlarynyň birinde bir ýyllyk magister maksatnamasy boýunça okamaga mümkinçilik berýär.
https://www.chevening.org/scholarship/turkmenistan/
Fulbright Scholar Program — ABŞ-niň uniwersitetlerinde we ylmy-barlag guramalarynda barlag işlerini geçirmäge gönükdirilen stipendial maksatnama. Bäsleşige azyndan 5 ýyl iş stažy bolan ylymlaryň doktorlary we kandidatlary, ýuristler, medeniýet işgärleri, žurnalistler, kitaphanaçylar, barlag geçiriler we aspirantlar gatnaşyp bilýärler.
https://fulbright.org/turkmenistan/
Fridrih Ebert adyndaky gazna — ýaş alymlary we zehinli talyplary goldamak maksady bilen Germaniýada döredilen stipendial gazna.
DAAD (akademiki alyşmalaryň German gullugy) — Germaniýada akademiki bilimi dowam etdirmäge kömek bermek maksady bilen döredilen stipendial maksatnama.
Erasmus Mundus — Ýewropa komissiýasynyň maksatnamasy. Onuň maksady — Ýewropanyň uniwersitetlerinde bilimiň hilini gowulandyrmak. Maksatnama talyplara we mugallymlara dürli daşary ýurtlara tejribe alyşmaga, okamaga we okatmaga gitmäge mümkinçilik berýär.
https://erasmus-plus.ec.europa.eu/
Muskie we UGRAD – ABŞ-niň Döwlet departamentiniň ABŞ-da bilim almak isleýän ýaşlara niýetlenen maksatnamasy.
Gates Cambridge Scholarship — Kembrij uniwersitetine berlen haýyr-sahawatlaryň hasabyna ABŞ-niň 210 million dollary möçberinde döredilen Billiň we Melindanyň Gaznasynyň maksatnamasy. Stipendiýa Beýik Birtaniýadan başga ýurtlardan bolan zehinli dalaşgärlere Kembrij uniwersitetinde bar bolan islendik hünär boýunça diplomdan soňky bilim almak üçin berilýär.
https://www.gatescambridge.org/
Endeavour Scholarships — bu awstraliýalylaryň daşary ýurtlarda barlag geçirmekleri we hünär taýdan ösmekleri, şonuň ýaly-da daşary ýurtly raýatlaryň bu işleri Awstraliýada geçirmekleri üçin berilýän awstraliýa hökümetiniň stipendiýasy.