BIZE YAZYARLAR

Daşary ýurt dillerini okatmagyň ähmiýeti

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda döwlet we jemgyýetçilik gurluşyny, ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny, şol sanda milli bilim ulgamyny yzygiderli kämilleşdirmek boýunça giň möçberli işler üstünlikli durmuşa geçirilýär hem-de bu ugurda geçirilýän özgertmeler barha rowaçlanýar.

«Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda daşary ýurt dillerini okatmagyň mazmunyny ulgamlaýyn döwrebaplaşdyrmakda, innowasion dil öwrediş tehnologiýalaryny işläp taýýarlamakda, ösüp gelýän ýaş nesle döwrebap we ýokary hilli bilim bermekde, ýaşlary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde milli we dünýä tejribeleri öwrenilip, okatmagyň we terbiýelemegiň innowasion usullary, kämil serişdeleri milli bilim ulgamyna yzygiderli ornaşdyrylýar.

Dünýäde ylym-bilim ugrunda üýtgeşmeleriň ýygy-ýygydan bolup geçýän globallaşan döwründe dil öwrenmek örän ähmiýetlidir. Ýurdumyzda Hormatly Prezidemtimiziň parasatly ýolbaşçylygynda daşary ýurt dillerini ýaşlara öwretmeklik üçin birnäçe işler amala aşyrylýar. Daşary ýurt dilleri diňe bir syýahat etmekde ýardam bermän, eýsem daşary ýurtlarda okamak we hünär geljegi üçin hem bähbitlidir. Ikinji dile eýe bolmaklyk islendik ýaşda dürli akyl ukyplaryny ösdürmäge mümkinçilik berýär.

Häzirki wagtda ylmyň dürli ugurlarynda gazanylýan öňe gidişlikler, täze-täze ylmy açyşlar daşary ýurt dillerinde çap edilýär. Şol nukdaýnazardan hem ylmy-jemgyýetçilik şertlerde dilleri birkemsiz öwrenmek möhümdir.

Ylmyň täze gazanlary bilen aýakdaş gitmek, ylmyň derwaýys meselelerini seljermek üçin daşary ýurt dillerini düýpli özleşdirmek maksady bilen okuw prosesinde giňden peýdalanylýan sözlükleriň, gysgaça adalgalaryň taýýarlanylmagy hem öz gezeginde, ýaş nesilleriň özbaşdak taýýarlanmak derejelerini artdyrmaga, käbir adalgalara has içgin düşünmäge ýardam berýär. Okuw sapaklarynda häzirki zaman ösen tehnologiýanyň mümkinçiliklerinden giňden peýdalanyp, dürli görkezme esbaplary, audio ýazgylarynyň ulanylmagy ýaşlaryň özleşdirýän temalarynyň hiline oňyn täsir edýär. Şeýle çemeleşme okuw sapaklaryň täsirini, özleşdirilýän derse bolan gyzyklanmany döredýär.

Daşary ýurt dillerini kämil derejede öwretmegi okuwdan daşary geçirilýän işler bilen utgaşdyrmak möhüm ähmiýete eýedir. Okuw sapaklary we yzygiderli geçirilýän her bir okuw-terbiýeçilik işleri hem-de medeni-köpçülik çäreleri Gahryman Arkadagymyzyň belent yhlasyndan dörän gymmatly eserleriniň many-mazmuny bilen jebis baglanyşdyryp geçirilýär. Bu bolsa ýaşlarda watana, zähmete bolan söýgini terbiýeleýär.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly: “Biziň esasy wezipämiz – öz halkynyň taryhyny bilýän, öz ýurdunyň gazanan üstünliklerine buýsanýan, Garaşsyz Türkmenistanyň şöhratyny artdyrmaga çalyşýan hakyky watançylaryň ýokary bilimli neslini kemala getirmek bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, çagalaryň daşary ýurt dillerini öwrenmegi aýratyn ähmiýete eýedir, çünki halkara ylmy maslahatlara, medeni we sport çärelerine gatnaşmak bilen, daşary ýurtlardaky türkmen kompaniýalarynda ýa-da ýurdumyzdaky daşary ýurt kompaniýalarynda we beýlekilerde işlemek bilen dürli ugurly geljekki hünärmenler halkara guramalarda ýurdumyza wekilçilik ederler”.

Daşary ýurt dillerini öwrenmegiň ähmiýeti döwletimiziň dünýä ýurtlary bilen halkara gatnaşyklarynyň barha ösýän, sanly bilim ulgamyna, sanly ykdysadyýete geçilýän döwründe has hem aýdyň duýulýar. Hormatly Prezidentimiziň ýaş nesiller üçin okamaga, döretmäge, daşary ýurt dillerini öwrenmäge ähli şertleri döredip berýändigini aýratyn nygtamalydyrys.

Türkmen ýaşlarynyň bu gün dünýäniň dürli künjeklerinde bilim almagy üçin hem zerur şertleriň döredilmegi bolsa mähriban halkymyzyň medeniýetini, ýurdumyzyň ykdysady ösüşlerini jümle-jahana ýaýmaklaryna giň ýol açýar.

Şeýle bagtyýar döwrümizde abadan durmuşda ýaşamaga, halal zähmet çekmäge uly mümkinçilikleri döredip berýän Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, mertebesi belent bolsun!

Öwlýagulyýewa Jeren Atabalowna

“Türkmenhimiýa”döwlet konserniniň Türkmenabat şäherindäki tehniki orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: