BIZE YAZYARLAR

Daşary ýurt dillerini okatmagyň ähmiýeti

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ösüşiň täze belentliklerine barýan ýurdumyzda bilim özgertmeleri rowaçlanýar. Bilim özgertmeleri ýaş nesle berilýän bilimiň ýokary hilini üpjün etmekden, ýaşlaryň dünýägaraýşynyň ösdürilmeginden ybaratdyr. Şunda dünýä dilleriniň hem ähmiýeti uludyr. Mälim bolşy ýaly, orta mekdeplerde okuwçylara iňlis dili öwredilýär we sapaklar meýilnamalaşdyrylan ugurlar boýunça okadylýar. Iňlis dilini öwretmegiň iň täze usullaryny we okuw kitabynda beýan edilýän ylmy usullary utgaşdyryp, okuwçylaryň dil öwrenmeklerine ýardam bermek bolýar.
Ýaş nesilleriň bagtyýarlygy, olaryň bilimli, ylymly bolmagy baradaky aladalar häzirki ajaýyp döwrümizde ileri tutulýan ugurlaryň biridir. Hut şu nukdaýnazardan, guraýan okuw sapaklarymyzy döwrebap usullar bilen baýlaşdyrýarys. Orta mekdepleriň 7-nji synpynda iňlis dili boýunça göreldeli sapaklary guramak örän ähmiýetlidir. Munuň özi okuwçylar üçin hem, mugallym üçin hem gyzykly. Göreldeli sapaklaryň ýokary derejede guralmagy okuwçylaryň iňlis dilinden köp sözleri öwrenmeklerine, gepleşikde peýdalanyp bilmeklerine oňat mümkinçilik döredýär. Iňlis dili sapagynda multimedia tagtasynda ýörite taýýarlanan şekilli slaýdlary okuwçylara görkezýäris we temany öwredýäris. Mälim bolşy ýaly, iňlis dili sapaklarynyň üsti bilen okuwçylar sözleri we sözlemleri düzmegi öwrenýärler. Şu sapagymyzda hem sözleri sözlem görnüşinde düzmäge, täze sözleri öwrenmäge girişýäris. Ilki bilen, doganlarymyz, özümiz baradaky tekstleri, sözlemleri multimedia tagtasynda beýan edýäris:
«Hello, my name is Jennet. Let me describe my portrait. I wear my hair in a braid and I have got long brown hair and my eyes are green».
Okuwçylar bu sözlemleri uly gyzyklanma bilen okaýarlar we terjime edýärler, şeýle hem bu sözlemleri depderlerine belläp alýarlar. Bu bolsa olaryň ýazmak, okamak ukybyny sazlaşykly ösdürýär. Munuň özi sözleriň we sözlem düzüliş tertibiniň okuwçylaryň aňynda galmagyna, oňat özleşdirmeklerine ýardam edýär.
Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdeplerinde kompýuter arkaly sapaklary guramak, taýýarlanylan maglumatlary elektron göterijilerde saklamak, ulanmak we ýaýratmak ýaly usullardan giňden peýdalanylýar. Okatmagyň bu usuly sapakda mugallym bilen okuwçynyň arasyndaky işjeňligi artdyrýar.
Guraýan sapaklarymyzda täze sözler we terjimeler bilen okuwçylary ýörite taýýarlanan prezentasiýalar arkaly tanyşdyrýarys. Sözlemlerde gabat gelýän sözler hakynda okuwçylar bilen pikir alyşýarys. Olar täze öwrenýän sözlerini okuw kitabynda ýerleşdirilen terjimelerden öwrenýärler we öz pikirlerini beýan edýärler. Bu bolsa okuwçylaryň dil baýlyklarynyň artmagyna, sapaga işjeň gatnaşmagyna täsir edýär.
Sapagyň ahyrynda okuwçylar bilen sorag-jogap alyşýarys. Okuwçylar öýde ýerine ýetirmeli ýumuşlary depderlerine belleýärler. Şeýlelikde, sapagyň ýokary guramaçylykly geçirilmegi, multimedia tagtasyndan peýdalanylmagy, şekilli görnüşleriň görkezilmegi okuwçylarda uly täsir galdyrýar.

Myrat HALLYÝEW,
Dänew etrabynyň 9-njy orta mekdebiniň iňlis dili mugallymy.