Dil dünýäni açar diýip ýöne ýere aýtmandyrlar. Eşretli döwrümiziň bagtyýar ýaşlary dünýä dillerini öwrenmäge uly gyzyklanma bildirýär. Ýurdumyzyň orta mekdeplerinde daşary ýurt dilleri hökmünde esasan rus we iňlis dilleri öwrenilýär. Sebäbi rus we iňlis dilini bilseň dünýäniň islendik ýerinde adamlar bilen düşünişip bolýar. Sebäbi bu iki dil iň ýörgünli, köp ulanylýan we köp ýaýran dillerdir. Şeýle hem rus, iňlis dillerine baý ylmy edebiýatlaryň bardygyny aýtmalydyrys. Şonuň bilen birlikde häzirki kompýuter tehnologiýasynyň guralyşy we adalgalary bu dillerde bolup durýar. Şol sebäpli daşary ýurt dillerini bilmek dünýägaraýşyňy ösdürýär, ylym-bilimiň iň täze gazananlaryny tiz özleşdirmäge mümkinçilik berýär. Bu bolsa ýurdumyzyň geljegi boan ýaşlarymyzyň giň dünýägaraýyşly bolmagy üçin örän wajypdyr.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň okuw mekdeplerinde daşary ýurt dillerini okatmagyň hilini ýokarlandyrmaga we netijeliligini artdyrmaga aýratyn üns berilýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly hem öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde dil bilimine berilýän üns aýratyn many-mazmuna eýe bolýar. Diňe bir öz ene dilimizi öwrenmek däl-de, dünýä dillerini öwrenmek meselesi hem örän aýdyňlygy we ähmiýetliligi bilen çözülýär. Üç dilliligi ösdürmek taglymaty öňe sürülip, degişli çäreler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda hereket edýän mekdebe çenli çagalar edaralaryndan başlap, ýokary okuw jaýlarynyň ählisinde daşary ýurt dilleri öwrenilýär. Esasan iňlis we rus dilleriniň ýokary derejede geçilmegi türkmen ýaşlarynyň daşary ýurt dillerinde erkin gürlemeklerine, olaryň köpugurly bilimli bolmaklaryna gönükdirlendir. Daşary ýurt dillerini bilmek üçin bolsa ilki, öz ene diliňi bilmek esasy şertleriň biridir. Döwrüň ösmegi, özgermegi Watanymyzyň halkara giňişligindäki abraý-mertebesiniň barha giňelmegi, dünýä döwletleri bilen dost-doganlyk gatnaşyklarynyň has-da ýygjamlaşmagy, daşary syýasatymyzyň dabaralanmagy daşary ýurt dilleri özleşdirmekligi we öwrenmekligi talap edýär.
Bilim ulgamynyň ösdürilmegi ugrunda uly tagalla edýän Milli Liderimize hem-de hormatly Prezidentimize ýurdumyzyň bilim işgärleriniň hoşallyklarynyň çägi ýok. Goý, ähli ulgamlary ösüşlere besleýän hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, il-ýurt bähbitli işleri rowaçlyklara beslensin!
Maral JORAKULYÝEWA,
Çärjew etrabyndaky 23-nji orta mekdebiň rus dili mugallymy.

