Daşary ýurt dilleri boýunça bäsleşik geçiriler

Türkmenistanyň Bilim we Adalat ministrlikleri tarapyndan bellige alnan Lebap welaýatyndaky  gysga möhletli okuwlary guraýan bilim edaralary daşary ýurt dilleri boýunça döwlet derejesinde yglan edilen bäsleşige gatnaşar.

Degişli bäsleşik baradaky bildiriş Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň resmi saýtynda paýlaşyldy. Oňa ýurduň gysga möhletli okuw geçýän bilim edaralarynyň ählisiniň wekilleri gatnaşyp biler.

Bäsleşigi guraýjylar birinji tapgyry şu ýylyň 12-nji fewralynda geçirmegi meýilleşdirýärler. Birinji tapgyryň Lebap welaýaty boýunça bäsleşigi şol gün Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda geçiriler.

Bäsleşik jemi üç tapgyrdan ybarat bolar. Birinji tapgyryň ýeňijileri ikinji, ikinji tapgyryň ýeňijileri bolsa üçünji tapgyra gatnaşmaga hukuk gazanar. Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda geçiriljek tapgyrda ýeňiji bolanlar onuň ikinji tapgyryna gatnaşmak üçin Aşgabat şäherine giderler. Bu tapgyryň bäsleşikleri 26-njy fewralda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda geçiriler. Bäsleşigiň üçünji tapgyryny bolsa 19-njy martda geçirmek göz öňünde tutulýar.

Babamyrat ABDYÝEW,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Türkmenabat Agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyby.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: