- ESASY HABARLAR, YKDYSADYÝET

Daşary ýurt awiakompaniýalarynyň uçarlary Türkmenabatda düşläp geçýär

Üstaşyr howa gatnawlaryny amala aşyrýan uçarlaryň düşläp geçmegi welaýat merkezimizde indi iki ýyla golaý wagt bäri işläp gelýän döwrebap howa menziliniň gündelik durmuşy üçin adaty zada öwrülýär.  Howa menzilinde ýakynda Belarus awiakompaniýalarynyň birine degişli ýük uçary hem düşläp geçdi. Owganystandan Belarusa ýük alyp barýan uçarmanlar hem Türkmenabatda dem-dynç alýar, hem-de uçaryny ýangyçdan doldurýar.

Dünýäniň energetika çeşmelerine iň baý döwletleriniň biri bolan Türkmenistandaky ýag-ýangyç serişdeleriniň elýeterliligi we ýurdumyzyň halkara howa menzillerindäki ýokary derejede edilýän hyzmat daşary ýurt awikompaniýalarynyň uly gyzyklanmasyna eýe bolýar. Aslynda, Türkmenabadyň Halkara howa menzilinde Russiýa, Belarus, Ukraina ýaly döwletleriň birnäçe awiakompaniýalarynyň uçarlary Türkmenabatda düşläp geçýär.

Hyzmatdaşlyga uly isleg bildirýän  «Nordwind Airlines» kompaniýasynyň öz resmi saýtynda-da, internet ensiklopediýasynda-da Türkmenabat şäheri üstaşyr gonuşyň amala aşyrylýan nokady hökmünde görkezilýär. Bu kompaniýa hem Türkmenabat ― Moskwa ugry boýunça ýolagçy gatnatmaga isleg bildirýän hyzmatdaşlaryň biri. Gepleşikler geçirilip, ylalaşyk gazanylsa, Türkmenabat kompaniýanyň diňe bir tehniki hyzmat nokady bolmak bilen çäklenmän, eýsem, gatnaw amala aşyrýan ugurlarynyň hem hataryna girer. Menzilde daşary ýurtly uçarmanlara ýokary derejede hyzmat etmek üçin ähli mümkinçilikler bar. Onuň kaşaň myhmanhanasynda bolsa gaýry ýurtly gonaklar ýygy-ýygydan düşleýär.