BIZE YAZYARLAR

Daşary syýasat dabaralanýar

Ajaýyp ösüş-özgertmeleri bilen dünýä döwletleriniň ünsüni özüne çeken ata Watanymyz bedew bady bilen öňe gidip, köpugurly halkara hyzmatdaşlygyny berkidýär we ösdürýär. Bu hyzmatdaşlyk bolsa hormatly Prezidentimiziň hoşniýetli daşary syýasatynyň esasyny düzýär. Dünýäniň ähli döwletleri, aýratyn-da, ýakyn goňşular bilen özara peýdaly gatnaşyklaryň berkidilmegi we ösdürilmegi Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Ony durmuşa geçirmek babatda özara peýdaly gatnaşyklary mundan beýläk-de çuňlaşdyrmak hem-de giňeltmek üçin bar bolan mümkinçilikler netijeli peýdalanylýar. Türkmenistanyň ählumumy parahatçylygyň, abadançylygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmegine gönükdirilen halkara başlangyçlary ata Watanymyzda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parahatçylyksöýüjilikli daşary we içeri syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň mysalyna öwrülýär.

Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda gaýtadan işleýän senagatyň ösdürilmegine aýratyn üns berilýär. Şonuň netijesinde gurulýan senagat kärhanalarynda importuň öndürilişi artdyrylyp, eksport önümleriniň mukdary köpeldilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Diýarymyz bu gün ösüş-özgertmeleriň aýdyň ýoly bilen öňe barýar. Gazanylýan her bir üstünligiň aňyrsynda Gahryman Arkadagymyzyň we onuň dowamaty Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň mähriban halkymyz hem-de tutuş adamzat bähbitli çäksiz aladalary, zähmeti dur.

Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen  Türkmenistan öz ykdysadyýetiniň kuwwatyny yzygiderli artdyrýar. Ýurdumyzyň edara-kärhanalarynda, bilim ojaklarynda innowasiýalaryň ornaşdyrylmagy, serişdeler bilen bagly mümkinçilikler, durmuşyň ähli ugurlarynda giň gerimli özgertmeleriň amala aşyrylmagy muňa oňyn itergi berýär. Dünýä halklary bilen medeni gatnaşyklar hem netijeli ýola goýulýar we ösdürýär.

Biz  — kazyýet işgärleri hem Belent Serkerdebaşymyzyň bize bildirýän ynamyny ödemek üçin raýatlarymyzyň hak-hukuklaryny goramakda yhlasymyzy gaýgyrman halal, tutanýerli zähmet çekeris. Ajaýyp mümkinçilikleri döredip berýän, halkymyzy jebislikde öňe sary alyp barýan Milli  Liderimiziň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belent başy aman bolsun, tutumly işleri elmydama rowaç alsyn!

Merdan Gapbarow,

Darganata etrap kazyýetiniň kazyýet ýerine ýetirijisi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: