- ESASY HABARLAR, YKDYSADYÝET

Darganataly pagtaçylar arzyly sepgide ýetdiler

Darganata etrabynyň pagtaçylary Lebap welaýatynda ilkinji bolup, pagta tabşyrmak boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirdiler. Şonda 3500 gektar meýdanda gowaça eken daýhanlar tereziden 6 müň tonna gowrak «ak altyny» geçirdiler.

Etrabyň «Lebap», «Türkmenistan», Magtymguly adyndaky daýhan birleşikleri arzyly sepgide ýetirilmegine saldamly goşant goşdular. Olar ilkinjileriň hatarynda şertnamalaýyn borçnamalaryna amal etmegi başardylar. Ýetişdirilen hasyly ýygnamaga ýygymçylar bilen bir hatarda 6 kombaýn çekidi. «John Deere» kysymly pagta ýygýan maşynlaryň hersi günde 8 ― 10 gektar ýerde pagta ýygyp, 30 tonnadan 50 tonna çenli «ak altyny» bunkerlerinden agdardylar. Ýygnalan hasyl etrapda bar bolan harmanlaryň ikisine çekildi.

Etrabyň pagtaçylary galan hasyly ýitgisiz ýygnap almagy dowam etdirýärler. Onda, esasan, kombaýnlaryň güýjünden peýdalanmaga üns berilýär.

«Ak altyn» tabşyrmak baradaky şertnamalaýyn borçnamalarynyň doly amal edilmeginiň bosagasynda duran etraplar az däl. Olardan hem şeýle hoş habarlaryň gelip gowuşmagyna garaşylýar.