YKDYSADYÝET

Darganataly daýhan zenan pagtanyň her gektaryndan 48 sentnerden hasyl aldy

Darganata etrabynyň «Türkmenistan» daýhan birleşiginiň 1-nji kärendeçiler toparynyň agzasy Jemile Hudaýýarowanyň gowaça hasylyny kemala getirmekde 15 ýyla golaý tejribesi bar. Ol öňki ýyl 28 tonna gowaça hasylyny ýygnady. Geçen ýylda hem 5 gektar kärende ýerimden 8 tonnanyň ornuna 21 tonna pagta tabşyryp, her gektardan 42 sentnerden hasyl aldy.
Ussat kärendeçi häzirki günlerde ak ekinlere göreldeli ideg edýär. 2023-nji ýylda 7 gektar bugdaý ýeriniň her gektaryndan 42 sentnerden hasyl alan bolsa, geçen ýylda her gektardan 48 sentnerden hasyl alyp, döwlet harmanyna tabşyrdy. Häzirki günlerde hem ýaşajyk bugdaý maýsalaryna ideg işleri göwnejaý alyp barýar.

— Yhlas bilen işleseň, göwün diýen hasylyňy alyp bolýar. Yhlas bolsa, ynam bolsa ýetilmejek sepgit ýok. Munuň şeýledigini diňe men däl, ildeşlerim — 2 gektar kärende ýerinden 41 sentner hasyl tabşyran Arzuw Şamyradowa, 10 gektar kärende ýerinden 41 sentner gowaça hasylyny alan Sünnet Ýusupow, 18 gektar kärende ýerinden 41 sentner hasyl ýygnan Rüstem Mädiýew hem subut etdiler — diýip, kärendeçi zenan welaýat gazetiniň habarçysyna gürrüň berdi.