JEMGYÝET

Darganatadaky duşuşyk maşgala goraglylygyna bagyşlandy

Darganata etrap bilim bölüminde etrabyň hukuk goraýjy işgärleriniň gatnaşmaklarynda «Maşgala goraglylygynyň kepillikleri» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Onda edilen çykyşlarda döwletimiziň we jemgyýetimiziň ösüşlerini hem-de jebisligini berkitmekde, ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemekde we ahlak taýdan ösdürmekde maşgalanyň paýynyň uludygyna aýratyn uly üns berildi.
Döwletimiziň durmuş syýasatynyň maşgalany we maşgala gymmatlyklaryny berkitmäge gönükdirilýändigi, maşgala gatnaşyklarynyň hukuk taýdan düzgünleşdirilýändigi, maşgala agzalarynyň hukuklarynyň we bähbitleriniň goraglylygy giňden düşündirildi. Şahsy we emläk gatnaşyklary, özara kömek bermek hem-de çagalary terbiýelemek üçin maşgalada zerur bolan şertleri döretmek bilen baglanyşykly meselelere hukuk taýdan düşündirişler berildi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: