JEMGYÝET

Darganatada ýylyň zenany saýlanyldy

Darganata etrabynda «Ýylyň zenany ― 2025» bäsleşiginiň etrap tapgyry geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Lebap welaýat birleşmesiniň resmi saýty habar
berýär.
Etrapda Türkmenistanyň Zenanlar birleşigi tarapyndan yglan edilen bäsleşigiň, esasan, «Ýylyň çeper elli zenany» ugry boýunça bäsleşildi. Şunda etrabyň çagalar sungat mekdebiniň mugallymy Mährijemal Rozymyradowa birinji, 1-nji orta mekdepden Selbi Saparowa ikinji, etrap çagalar sungat mekdebiniň kitaphanaçysy Ogulbagt Durdyýewa bolsa üçünji orny eýeledi.
Ýeňijilere Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň etrap bölümi we Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesi tarapyndan ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: