JEMGYÝET

Darganatada Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Lebap welaýat bölüminiň guramagynda duşuşyklar geçirildi

Darganata etrabynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Lebap welaýat bölüminiň wekiliniň guramagynda edaralarda we kärhanalarda duşuşyklar geçirildi. Olara etrabyň saglygy goraşýyş edaralarynyň hünärmenlerini hem çekdiler.

Zähmetkeşler toparlarynda tomsuň yssy günleri saglygy goramagyň meseleleriniň üstünde durup geçdiler. Olar aşa yssy günlerde günüň aşagyna çykmaly däldigi, günden gorag hökmünde saýawanlardan, başgaplardan peýdalanmaldygy barada durup geçdiler.

Şonuň ýaly-da, endamyň suwsuzlygynyň öňüni almagyň möhümdigine duşuşuklara gatnaşýanlaryň ünsüni çekdiler. Şonda içimlik üçin arassa suwuň, gök çaýyň peýdasyny we her gün adamyň endamyna näçe mukdardaky suwuklygyň gerekdigini düşündirdiler. Şeýle hem gün uran adama nähili ilkinji kömegi bermeldigini gürrüň berdiler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: