JEMGYÝET

Darganatada türkmen keçesine bagyşlanan dabara geçirildi

Darganata etrabynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň hem-de Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň etrap bölüminiň bilelikde guramaklarynda dabaraly çäre geçirildi.

Bu tutumly çärä etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, bilim işgärleri we ussat halyçy, keçeçi gelin-gyzlar gatnaşdylar.

Ýatda galyjy çärede täsin gülleri arkaly geçmiş bilen şu güni, nesilleri baglanyşdyrýan ajaýyp keçeleriň sergisi guraldy. Dabara gatnaşyjylar çäräniň dowamynda eli çeper Şeker Şukurowanyň keçe taýýarlaýşyna uly höwes bilen tomaşa etdiler.

Çärä gatnaşyjylar keçe güllenilende gadymdan gelýän milli däplerimize eýerip, şadyýan aýdym-sazlary ýerine ýetirdiler, degişmeleri, dürli rowaýatlary aýtdylar.

Ylaýta-da, etrapdaky 3-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisiniň kömekçisi Aýlar Weliýewanyň keçeçilik sungatynyň taryhy barada aýdyp beren rowaýaty hemmelerde uly täsir galdyrdy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: