Darganatada şaly oragy üstünlikli dowam edýär
Lebaply ekerançylar şaly oragyny gyzgalaňly dowam etdirýärler. Edermen babadaýhanlarymyz 10 müň 200 gektar meýdanda ekilen şalydan 47 müň 400 tonna hasyly ýygnamak ugrunda tutanýerli zähmet çekýärler. Şaly hasylyny ýygnamak baradaky meýilnamasyny berjaý edýänleriň sany barha artýar.
Darganata etrabynyň «Türkmenistan» daýhan birleşiginiň şalyçylary meýilleşdirilen hasyly artygy bilen ýygnandyklary barada buýsanç bilen habar berdiler.
Welaýat neşiriniň habar berşi ýaly, hojalyk boýunça 34 gektar şaly ekilen ýerden 158 tonnanyň ýerine 166 tonnadan gowrak bereketli hasylyň ýygnaldy.
Şu günler gündogar sebitiň şalyçylary 10 müň 200 gektar meýdanda ekilen şalydan 47 müň 400 tonna hasyly ýygnamak ugrunda tutanýerli zähmet çekýärler.