YKDYSADYÝET

Darganatada her gektardan 48 sentner şaly almak meýilleşdirilýär

Şu günlerde Darganata etrabynyň «Türkmenistan» daýhan birleşiginiň kärendeçileri şaly ekinine göwnejaý ideg edýärler. Etrap boýunça şalynyň tutýan meýdany 75 gektar bolsa, şonuň 38 gektary şu daýhan birleşigine degişli bolup durýar.

Hojalygyň ýolbaşçysy Atajan Sahadow şu ýylyň bugdaý oragynda 807 gektar meýdandan 1605 tonna hasyl ýygnap, döwlet harmanyna tabşyrandyklaryny aýdýar. Ol aralyk ekinleriň arasynda şalydan başga hem käşir, mäş, noýba, pomidor ýaly ekinleri ekip, olara hem yhlas bilen ideg edýändikleri barada gürrüň berdi. Aralyk ekinlerden bol hasyla garaşylýar. Diňe bir käşiriň her gektaryndan 180, pomidoryň bir gektaryndan 250 sentner hasylyň ýygnaljakdygyna kärendeçileriň berk ynamlary bar.

Geçen ýylda hem daýhan birleşiginiň edermen adamlary 34 gektar şaly ekilen ýerden 158 tonnanyň ýerine 166 tonnadan gowrak bereketli hasyly ýygnadylar. Bu ýyl hem şalynyň hasyly şondan artyk bolmasa kem bolmaz. Kärendeçileriň maksady her gektardan öndüriljek hasyly 48 sentnere ýetirmekden ybarat.