Darganatada alaja senedine bagyşlanan bäsleşik geçirildi
Darganata etrabyndaky 1-nji orta mekdebiň binýadynda «Alaja ― el işleriniň
maýasy, hemmä ýeter saýasy» atly döredijilik bäsleşigi geçirildi. Oňa etrapdaky orta mekdepleriň eli çeper ýaşlarynyň uly topary gatnaşdy.
Bäsleşigiň 1-nji şertine laýyklykda oňa gatnaşyjylar el işlerine bolan höwesini, sungaty ösdürmäge goşýan goşantlaryny şygyrlaryň, aýdymlaryň üsti bilen şahyrana beýan etdiler. Bäsleşigiň 2-nji şertinde bäsdeş gyzlar alajalary örüp görkezdiler. Bäsleşigiň jemleýji, 3-nji şertinde bolsa olar türkmen milli el işi bolan alaja, onuň örülişi, ulanylyşy barada aýdymlary ýerine ýetirdiler, goşgulary, rowaýatlary täsirli aýdyp berdiler.
Eminler bäsleşigiň ýeňijilerini yglan etdiler. Türkmenistanyň Kärdeşler
arkalaşyklarynyň etrap birleşmesi tarapyndan ýeňijilere we oňa gatnaşyjylara ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.