JEMGYÝET

Darganata ýokary synp okuwçylar bilen duşuşyk geçirildi

Darganata etrabynyň 14-nji orta mekdebinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Darganata etrap Geňeşiniň etrap bilim bölüminiň bilen bilelikde guramagynda etrabyň orta mekdeplerinde okaýan 11-nji synp okuwçylarynyň arasynda «Ýaşlar hakda alada geljegiň berk binýady» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda çykyş edenler mekdep okuwçylarynyň ruhy taýdan sagdyn ösmegini üpjün etmek, ahlaklylyk, watansöýüjilik ýaly asylly häsiýetleri kemala getirmek, şeýle-de, ösüp gelýän ýaş nesliň döredijilik ukyplaryny has-da kämilleşdirmek ýurdumyzda öňde goýulýan esasy maksatlaryň biridigi dogrusynda gürrüň etdiler.