JEMGYÝET

Darganata etrabynda agaç nahallary oturdylýar

Şu günler Darganatа etrabynda miweli, saýaly agaçlaryň we üzüm nahalyny oturtmak dowam edýär.

Bu asylly işe etrabyň dürli ýaşdaky adamlary höwes bilen gatnaşýarlar. Olar ýaş nahallary oturtmak bilen bir hatarda ösüp oturan agaçlara ideg etmegi hem dowam etdirýärler.

Türkmenistan boýunça her ýyl saýaly, miweli agaçlaryň üzümiň millionlarça düýbi oturdylýar. Bu daşky gurşawyň ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmaga gönükdirilendir. Bu iş Lebap welaýatynyň beýleki etraplarynda hem alnyp barylýar. Nahalhanalarda agaçlaryň dürli görnüşleriniň nahallary ýetişdirilýär we edaralara, kärhanalara hem-de hususy hojalyklara satylýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: