SPORT WE SYÝAHAT, TÜRKMENISTAN HABARLARY

Dänewli tälimçi iň agyz agramda finala çykdy

Aşgabatda geçirilýän Kuraş boýunça dünýä çempionatynyň birinji gününden tapawutlylykda onuň ikinji gününde Türkmenistanyň zenanlar ýygyndysynyň ähli agzalary finala çykmagy başardylar.

Jahan Muhammedowa bilen Sabina Kadyrowadan soňra 87 kilogramdan ýokary agram derejesinde Sabina Agajanowa hem adyny finala ýazdyrmagy başardy.

Dünýä çempionatynyň ýedi agram derejesinde final duşuşyklary biraz wagtdan başlanar.