Dänew etrabynyň ýaşaýjysy, şahyr gyz Zergül Ylýasowa Türkmenistanyň Ýaşlar
baýragynyň eýesi boldy. Oňa mynasyp bolan baýragy düýn ― 16-njy noýabrda
Aşgabat şäherinde gowşuryldy.
2024-nji ýyl şahyr gyz üçin düşümli ýyllaryň biri boldy. Ol şu ýyl Türkmenistanyň
Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň «Nesil» gazeti bilen bilelikde yglan eden döredijilik bäsleşiginde hem ikinji orne eýeläpdi.
Şeýle hem ol şu ýyl ýurduň ýazyjy-şahyrlaryndan ybarat düzümde Arkadag şäherinde geçirilen Medeniýet hepdeligine gatnaşdy.
Çeper döredijilik bilen 17 ýaşyndan bäri meşgullanyp gelýän Zergül Ylýasowa ozal hem döredijilik bäsleşikleriniň birnäçesinde ýeňiji boldy. Zergül goşgy döretmekden başga-da, çeper terjime bilen hem meşgullanýar. Şahyr we terjimeçi gyz şahyr Italmaz Hudaýberdiýewiň agtygydyr.
Dänewli şahyr gyz Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi boldy

17
Nov