Dänewli mugallym Türkmenistanda «Ýylyň halypa zenany» diýlip atlandyryl
Dänew etrabynyň çagalar sungat mekdebiniň mugallymy Mähriban Ergeşowa Türkmenistanda «Ýylyň halypa zenany» diýlip atlandyryldy. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berdi.
Neşiriň ýazyşy ýaly, 1-nji martda paýtagtymyzdaky Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň Halkara zenanlar güni mynasybetli yglan eden «Ýylyň zenany» bäsleşiginiň jemi jemlendi. Onuň netijesinde dürli ugurlar boýunça ýeňijiler kesgitlenildi.
Lebaply zenanyň ýeňiji bolan ugry bäsleşige şu ýyl ilkinji gezek girizildi. Şeýlelikde, ol bäsleşigiň taryhyna bu ugruň ilkinji ýeňijisi hökmünde girdi.