Dänew etrabyndaky 45-nji orta mekdebiň biologiýa mugallymy Maral Batyrjanowa «Watan» gazetiniň redaksiýasynyň hem-de «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasynyň bilelikde yglan eden döredijilik bäsleşiginde ikinji orna mynasyp boldy. Bäsleşigiň jemleri paýtagtymyzyň «Aşgabat» seýilgähiniň çägindäki «Aşgabat» restoranynda geçirilen dabarada yglan edildi.
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygy mynasybetli geçirilen «Ýaş tebigatçy: ýaşyl dünýä, abadan geljek» atly bu döredijilik bäsleşiginiň esasy maksady eziz Diýarymyzda tebigatyň gözelliklerini gorap saklamak, onuň baýlyklaryndan rejeli peýdalanmak, daşky gurşawyň abadançylygyna goşant goşmak, ýaş nesillerde ekologiýa medeniýetini kemala getirmek boýunça alnyp barylýan işleri gazet, žurnal sahypalarynda şöhlelendirmekden ybarat boldy.
Bu bäsleşige gatnaşanlar öň metbugat sahypalarynda çap edilmedik we başga bäsleşiklere hödürlenmedik makalalaryny, şygyr, kyssa hem-de dürli žanrlarda ýazylan eserlerini hödürlediler. Ýeňijilere dabarany guraýjylar tarapyndan telewizor, haly, tozan sorujy ýaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Dänewli mugallym döredijilik bäsleşiginiň ýeňijisi boldy
07
Oct
