BILIM

Dänewli mekdep okuwçysy Lebabyň iň zehinli oglanjygy diýlip ykrar edildi

Çärjew etrabyndaky 41-nji orta mekdepde Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli ýurdumyzyň orta mekdepleriniň 3 — 5-nji synp okuwçy oglanlarynyň arasynda yglan edilen «Merdana nesil — 2025» bäsleşiginiň welaýat tapgyry geçirildi. Ýaş nesliň watansöýüjilik ruhunda terbiýelenilmegine hem-de ukyp-başarnyklarynyň artdyrylmagyna gönükdirilen bu bäsleşik uly ruhubelentlige beslendi.
Zehinli ýaşlar bäsleşigiň dowamynda türkmen halkynyň edermenligini we watansöýüjiligini wasp etdiler, gülküli sahna oýunlaryny ýerine ýetirdiler. Şeýle-de bagtyýar çagalygy, dost-doganlygy wasp edýän aýdym-sazlar belentden ýaňlandy.
Netijede Dänew etrabyndaky 11-nji orta mekdebiň 3-nji synp okuwçysy Meýlis Töräýew birinji, Çärjew etrabyndaky 8-nji orta mekdebiň 4-nji synp okuwçysy Alişer Rozyýew ikinji orunlara mynasyp boldular we bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.