Dänew etrabynyň «Azatlyk» daýhan birleşiginiň mehanizatory Gapbar Permanow Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ýurdumyzyň at-abraýynyň dünýäde has-da beýgelmegine beslenen ýyllaryň biri bolandygyny belledi. Onuň aýtmagyna görä, bu şanly ýyl öz durmuşynda hem ýatdan çykmajak wakalar bilen bezeldi. Ol 29 ýyldan bäri oba hojalygynda kuwwatly tehnikalarda zähmet çekip gelýändigini aýdyp, uzak ýyllaryň dowamynda eden asylly işleriniň nazara alnyp, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygynyň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiz tarapyndan Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» atly medaly bilen sylaglanandygyny buýsanç bilen gürrüň berdi.
Gapbar Permanow döredilýän döwrebap mümkinçilikleriň oba hojalygynda öndürijilikli zähmet çekmäge giň ýol açýandygyny nygtady. Şeýle-de ol Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyza yzygiderli gelip gowuşýan täze tehnikalaryň önümçilik kuwwatyny artdyrýandygyny aýdyp, oba ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak we pudagy ösdürmek ugrunda alnyp barylýan işlere ýokary baha berdi hem-de Täze ýylyň düşümli, rysgal-bereketli ýyllaryň biri bolmagyny arzuw etdi.
Dänewli mehanizator 2025-nji ýylda uly üstünlikleri gazandy
25
Dec
