SPORT WE SYÝAHAT

Dänewli küştçüler Türkiýede türgenleşýär

Dänewli uýalar Lala we Leýla Şöhradowalar şu günler Türkmenistanyň küşt boýunça milli ýygyndysynyň hatarynda Türkiýäniň Antalýa şäherinde geçirilýän okuw-türgenleşik ýygnanyşygyna gatnaşýarlar. 1-nji iýulda başlanyp, 12-nji iýula çenli dowam etjek ýygnanyşyk türkmen küştçüleri üçin şu ýylyň sentýabr aýynda Wengriýada geçirilen Bütindünýä küşt olimpiadasyna taýýarlygyň bir tapgyry bolar.

Türkmen küştçüleriniň şu gezekki ýygnanyşygy halkara derejeli sport ussatlarynyň, tejribeli tälimçileriň hem ünsüni özüne çekdi. Şeýle bolansoň, dünýäniň bir, Bütindünýä küş olimpiadasynyň bolsa dört gezek çempiony Wasiliý Iwançuk, türkiýeli halkara derejeli grossmeýster Okan Özsakally ddagylar hem ýardam berýär. Bu ýerde Türkmenistanyň zenanlar ýygyndysynyň hatarynda aşgabatly türgen Merýem Agajanowa hem türgenleşýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: