Dänewli küştçi uýalar Bütindünýä küşt olimpiadasyna gatnaşýarlar
Wengriýanyň Budapeşt şäherinde geçirilýän 45-nji Bütindünýä küşt olimpiadasynda düýn 6-njy tapgyr tamamlanyp, Türkmenistanyň aýal- gyzlarynyň ýygyndy topary 12 mümkin bolan utukdan 8 topar utugy bilen öz kategoriýasynda birinji ýerde barýar. Esasy umumy hasaplamalardan soňra 183 milli aýal-gyzlaryň toparlary topar agzalarynyň ortaça reýtingine laýyklykda bäş kategoriýa bölünen. Umumy hasaplamada 73 belgili çykyş edýän Türkmenistanyň aýal-gyzlarynyň ýygyndy topary C kategoriýasyna düşdi. 6-njy tapgyrdan soň umumy ýaryş hasaplamalarynda 36-njy ýeri eýeläp, biziň küştçi aýal-gyzlarymyz öz kategoriýasynyň ähli toparlarynyň arasynda iň ýokary netijeleri görkezmäge başarýarlar. Bu ýaryşda olaryň yz ýanyndan Malaýziýanyň ýygyndy topary gelip, 12 mümkin bolan utukdan 8 utugy gazanyp 45-nji ýeri eýeleýär. Soňky 6-njy tapgyrda Türkmenistanyň ýygyndy topary ortaça reýtingi 1956 bolup, 3:1 hasap bilen Braziliýanyň toparyny (ortaça reýtingi – 2132) ýeňmegi başardy. Leýla Şohradowa (3-nji tagta) we 4-nji tagtada oýnan Eneş Arazmedowa tapawutlanyp bildiler.
1-nji we 2-nji tagtada oýnan ýurduň wise- çempiony we çempiony Lala Şohradowa we Merýem Agajanowa deň hasapda oýun geçirdiler. Adaty boýunça 4-nji tagtada çykyş edýän Jahan Rejepowa 6-njy tapgyrda dynç aldy. Şu ýylyň ýurduň çempionatynda 5-nji orny eýeleýän 17 ýaşly Eneş Arazmedowa ähli 4 partiýasyny ýeňip, iň gowy ýokary derejeli netijeleri görkezýär. Umuman, ýaryşda aýal-gyzlaryň arasynda Hindistanyň ýygyndy topary (ortaça reýtingi – 2467) ähli 4 oýuny ýeňip, liderligi saklaýar. Ikinji ýere – küştde güýçli bolan Gruziýa, üçünji ýere bolsa Polşa mynasyp boldular. 7-nji tapgyrda biziň aýal-gyzlarymyzyň ýygyndy topary 39-njy orunda barýan ortaça reýtingi 2215 bolan Kubanyň ýygyndy toparyna garşy ýaryşmaly. Küşt olimpiadasy 22-nji sentýabra çenli dowam eder. Şu ýyl Türkmenistanyň ýygyndy topary 6 ýyl dowam eden arakesmeden soň dünýäniň esasy küşt ýaryşlaryna gatnaşýar diýip, Türkmenistanyň küşt federasiýasynda bellenilýär. Olimpiada gatnaşmak üçin jemi 197 erker-oglanlaryň toparlary we 183 aýal- gyzlaryň toparlary bellige alyndy.