Dänewli küştçi gyz taryhy ýeňşe ýakyn
Dänewli küştçi, häzirki wagtda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde okaýan Lala Şöhradowa taryhy üstünlige ýakyn geldi. OL Türkmenistanyň küşt boýunça esasy ýaryşyna ― Ýokary liga erkekleriň arasynda gatnaşyp, 10 tapgyrdan soň 7 utuk bilen birinji orunda barýar. Ýurduň iň güýçli 11 erkek türgeni bolsa utuk babatynda talyp gyzdan yzda.
Dogry, ikinji orundaky Amanmyrat Hommadowda hem 7 utuk bar, ýöne Lala käbir görkezijiler boýunça ondan hem öňe saýlanýar.