SPORT WE SYÝAHAT

Dänewli küştçi Dünýä kubogyna gatnaşýar

Dänewli küştçi ― Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby Lala Şöhradowa Türkmenistanyň taryhynda ilkinji gezek FIDE-niň zenanlar dünýä küşt kubogyna gatnaşýar. Dünýä kubogy şu ýyl Gruziýanyň Batumi şäherinde geçirilýär. 5-nji iýulda başlanan ýaryş 29-njy iýulda tamamlanar. Şu ýyl Dünýä kubogy üçin Ýer
ýüzüniň iň güýçli zenan küştçüleriniň 107-si güýç synanyşar.
Lola Şohradowa 2024-nji ýylda geçirilen Budapeştde (Wengriýa) geçirilen 45-nji Bütindünýä küşt olimpiadasynda Türkmenistanyň zenanlar toparynyň gazanan üstünliginiň netijesinde bu iri sport ýaryşyna gatnaşmak hukugyna eýe boldy, Wengriýada küştçilerimiz «C» derejesinde birinji orny eýeläpdi
Küşt ýaryşlarynyň köpüsinden tapawutlylykda Dünýä kubogy 7 tapgyrda dowam edýär. Her tapgyr iki sany oýundan ybarat (her göçüm üçin 40 + 30 sekuntdan 90 minut + 30 minut).
Birinji tapgyrda türkmen küştçüsiniň garşydaşy Hindistandan gelen halkara ussat we zenan grossmeýster Agrawal Wantika boldy.