MEDENIÝET

Dänewli daýhanlaryň armasy ýetirildi

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň etrap komitetiniň işgärleri hem-de işjeň agzalary, pagtaçy kärendeçileriň arasynda wagyz-nesihat işlerini, medeni-köpçülikleýin çäreleri yzygiderli geçirýärler.
  Daýhanlaryň armasyny ýetirmek maksady bilen, golaýda Dänew etrabynyň «Aşgabat» daýhan birleşiginde «Daýhanlar baýaýar — ýurt kuwwatlanýar» diýen at bilen aýdym-sazly dabara geçirildi. Günortan çagy geçirilen bu dabaranyň dowamynda pagta hasylyny ýygnamakda ussatlyklaryny görkezýän ýygymçylaryň armasy ýetirilip, aýdym-sazyň owazy belentden ýaňlandy.
  Şeýle-de öňdebaryjy kärendeçilere, sürüjilere, ýüwrük elli ýygymçylara etrap komiteti tarapyndan höweslendiriji sowgatlar gowşuryldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: