Dänew etrabyndaky 2-nji orta mekdebiň 3-nji synp okuwçysy Aýna
Döwletýarowa şu ýyl Gulbaba adyndaky çagalar baýragyna mynasyp boldy. Zehinli gyzjagazyň erjelligi, başarjaňlygy ony yzygiderli üstünliklere ýetirýär. Ol kalplary joşa getirýän aýdymlary ýerine ýetirmek bilen, «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» we «Haly dokar ellerim, gazal aýdar dillerim» ýaly döredijilik bäsleşikleriniň saýlama tapgyrlarynda üstünlikli çykyş edip gelýär. Geçen ýyl bolsa körpeje zehin «Iň eýjejik gyzjagaz — 2024» atly bäsleşigiň etrap we welaýat tapgyrlarynda birinji, döwlet tapgyrynda bolsa üçünji baýrakly orunlary eýelemegi başardy. Täze ýylyň ilkinji günlerinde Gulbaba adyndaky çagalar baýragyna eýe bolmagy Aýnanyň sungata bolan höwesini has-da artdyrdy.
Dänewli aýdymçy gyzjagaz dördünji gezek uly baýraga mynasyp boldy

16
Jan