Şu günler Dänew etrabyndaky orta mekdeplerde «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly ders we taslama bäsleşikleriniň täze möwsümine taýýarlyk görülýär.
Mugallymlar öz okadýan dersleri boýunça zehinli okuwçylary saýlap alyp, olar bilen geçirilýän taýýarlyk işlerini güýçlendirýärler.
Etrabyň mekdep okuwçylarynyň bu bäsleşikleriň welaýat we döwlet tapgyrlarynda her ýyl öňdäki orunlary eýeleýändiklerini nygtamak gerek. Soňky ýyllarda biologiýa, türkmen dili we edebiýat, himiýa, geografiýa ýaly dersler boýunça okuwçylar bäsleşigiň welaýatdyr döwlet tapgyrlarynda öňdäki orunlary eýelemegi başardylar.
Ders we taslama bäsleşiklerine ýokary derejede taýýarlyk görmek üçin bilim ojaklarynda ähli döwrebap mümkinçilikler bar.
Dänewiň mekdeplerinde ders we taslama bäsleşiklerine taýýarlyk görülýär
28
Oct
