Dänew etrabynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Lebap welaýat bölüminiň wekiliniň guramagynda bilim işgärleri bilen duşuşyk geçirildi. Ol ýokanç keselleriň öňüni almagyň meselelerine bagyşlandy. Oňa orta mekdepleriň müdirleri we mugallymlary, şonuň ýaly-da çagalar baglarynyň müdirleri hem-de terbiýeçileri gatnaşdylar.
Onda ýokanç keselleriň ýaýramagynyň öňüni almak boýunça durmuşa geçirilýän maksatnamalaryň çäginde amala aşyrylýan işler, olaryň berýän netijeleri barada giňişleýin gürrüň edildi. Ilatyň inçekesel, onuň öňüni almagyň ýollary baradaky habarlylygyny ýokarlandyrmagyň usullaryna hem ähli taraplaýyn seredildi. Şeýle hem, geçirilen duşuşyklarda bolsa sagdyn durmuş ýörelgelerini berjaý etmegiň, sport we beden terbiýesi bilen ynsan saglygyna peýdasy barada durlup geçildi.
Dänewde Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Lebap welaýat bölüminiň guramagynda duşuşyk geçirildi
14
Jan
