- ESASY HABARLAR, JEMGYÝET

Dänewde täze ýaşaýyş toplumy gurulýar

Lebap welaýatynyň Dänew etrabynyň merkezinde täze ýaşaýyş toplumynyň gurluşygyna girişdiler.

Hersinde sekiz öý bolan iki gatly kerpiç jaýlaryň gurluşygyny «Lebapgurluşyk» önümçilik birleşiginiň 16-njy gurluşyk-gurnama dolandyrmasy alyp barýar. Ähli öýlerde giň otaglar, ýaşamak üçin ähli amatlyklar göz öňünde tutulan. Şonuň ýaly-da, elektrik energiýasy, tebigy gaz we içimlik suw, ýyladyş, howany sowadyjy, häzirki zaman aragatnaşyk ulgamlary çekiler, şeýle hem, ýaşaýyş üçin zerur bolan beýleki şertler hem dörediler.

Bu welaýatyň ilatyny ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işleriň dowamydyr. Şu ýyl Kerki, Halaç, Saýat we Çärjew etraplarynda täze häzirki zaman şäherçeleriniň gurluşygyna badalga berilipdi. Türkmenabat şäherinde iki sany ýaşaýyş toplumy gurulýar. Bu taslamalaryň durmuşa geçirilmegi bilen lebaplylaryň müňlerçesi içinde ähli amatlyklary bolan öýlere göçüp bararlar.