JEMGYÝET

Dänewde täze okuw ýyly mynasybetli maslahat geçirildi

Täze 2025 — 2026-njy okuw ýylynyň başlanmagynyň öňüsyrasynda Dänew etrabynyň jemgyýetçilik guramalarynyň we syýasy partiýalarynyň wekilleriniň hem-de mugallymlaryň gatnaşmagynda «Parahatçylyk we bagtyýar nesiller» atly maslahat geçirildi. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çuňňur many-mazmunyna bagyşlanan maslahatda Türkmenistanyň hemişelik
Bitaraplyk hukuk derejesiniň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň ýörite Kararnamasy bilen üç gezek ykrar edilmeginiň ähmiýeti, ýurdumyzyň dünýäde parahatçylygy gorap saklamakdaky ornunyň uludygyny görkezýän çykyşlar diňlenildi. Şeýle-de ýaş nesillerde
parahatçylyksöýüjilikli terbiýäni berkitmegiň möhüm wezipesi nygtaldy.
Maslahatyň dowamynda okuw sapaklarynda Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän ynsanperwer syýasatyň, Bitaraplygyň halkara derejesindäki ähmiýetiniň ýaşlara ýetirilmegi bilen baglanyşykly gürrüňler edildi. Şunda ýaş nesillere ýurdumyzyň BMG bilen ysnyşykly gatnaşyklary, Türkmenistanyň halkara abraýynyň ýokary
derejä ýetmegine getirýän taryhy maglumatlary ýetirmegiň, ony watançylyk terbiýesi bilen utgaşdyrmagyň aýratyn zerurdygy bellenildi. Çykyş edenler döredip berilýän giň mümkinçilikler üçin döwlet ýolbaşçylaryna tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýtdylar.