SPORT WE SYÝAHAT

Dänewde sport ýaryşlary geçirildi

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Dänew etrap komiteti etrap bedenterbiýe we sport bölümi bilen bilelikde «Türkmenistan — sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy» atly şygar astynda sport ýaryşlaryny gurady.

Etrabyň ýaş türgenleriniň gatnaşmaklarynda sportuň küşt, şaşka, woleýbol, dzýudo görnüşleri boýunça geçirilen ýaryşlara ýerli ýaşaýjylar uly ruhubelentlik we ýokary işjeňlik bilen gatnaşdylar. Munuň özi ýaşlary sagdyn durmuş ýörelgelerine çekmekde, sagdyn bedende sagdyn ruhy kemala getirmekde geçirilýän işleriň bahasyna ýetip bolmajak ähmiýete eýedigini görkezdi.

Çekeleşikli geçen ýaryşlarda 24-nji orta mekdebiň okuwçysy Merjen Halmuradowa küşt, Nargiza Sahypjanowa dzýudo, «Galkynyş» toparynyň türgenleri woleýbol boýunça geçirilen ýaryşlarda iň ýokary netijä eýe boldular.

Ýaryşlarda ýeňiji bolan türgenlere etrap komitetimiz tarapyndan Hormat hatlary hem-de ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: