YKDYSADYÝET

Dänewde sanly bank hyzmatlary ösdürilýär

 Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik bankynyň Dänew etrap şahamçasy tarapyndan ilata hyzmat etmegiň usullary yzygiderli kämilleşdirilýär.

 Raýatlar üçin ekerançylygy we maldarçylygy ösdürmek, oba hojalyk önümlerini öndürmek, esasy we dolanyşyk serişdelerini edinmek hem-de iri önümçilikler üçin zerur bolan ýerli çig mallary öndürmek maksatlaryna gönükdirilen nagt däl görnüşinde kiçi göwrümli karzlar hem hödürlenilýär. 

 Etrabyň ýaşaýjylary söwda we hyzmat ediş nokatlarynda satyn alnan harytlar we hyzmatlar üçin hasaplaşyklary töleg terminallary arkaly nagt däl görnüşinde amala aşyryp bilýärler.

 Nagt däl hasaplaşyklaryň ösdürilmegi pul serişdeleriniň dolanyşygyny hem çaltlandyrýar. 

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: