MILLI BAÝRAMÇYLYKLAR

Dänewde Nowruz baýramyna bagyşlanan gezelenç geçirildi

Milli bahar baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Dänew etrap komiteti tarapyndan işjeň partiýa agzalarynyň gatnaşmagynda welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine gezelenç guraldy. «Gojaman ýaşly, juwan keşpli Nowruzym» diýen at bilen geçirilen gezelenjiň dowamynda baýram bilen baglanyşykly däp-dessurlar barada giňişleýin gürrüň edildi.
Çykyşlarda Nowruz baýramynyň halkara derejesinde bellenilýändigi, onuň bilen bagly milli ýörelgeleriň jemgyýetde giňden ösdürilýändigi nygtaldy. Şeýle hem gatnaşyjylar milli mirasy gorap saklamak we ýaş nesillere ýetirmek ugrunda alnyp barylýan işlere ýokary baha berdiler.