Dänew etrap Medeniýet öýünde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Dänew etrap Geňeşi, Dänew etrabynyň bilim bölümi bilen bilelikde guramagynda etrabyň umumybilim berýän orta mekdepleriň 10-12-nji synplarynda okaýan okuwçy oglan-gyzlarynyň arasynda «Sözi paýhas bezär, sazy-sungat» atly bäsleşik geçirildi.
Oňa bäsleşigiň mekdep tapgyrynda ýeňiji bolan oglan-gyzlar gatnaşdylar.
Bäsleşigiň dowamynda zehinli ýaşlarymyz Watanymyzyň Garaşsyzlygyny, Bitaraplygyny, rowaçlygyny, asudalygyny, bagtyýar we parahat zamanamyzy wasp edip aýdymlary ýerine ýetirdiler. Bäsleşigiň netijesine görä birinji orna Dänew etrabynyň 18-nji orta mekdebiniň 12-nji synp okuwçysy Bahar Baýramowa, ikinji orna Dänew etrabyň 30-njy orta mekdebiniň 10-njy synp
okuwçysy Wepa Nurýagdyýew, üçünji orna Dänew etrabyň 18-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Rozymuradow Atamyrat dagylar mynasyp boldular.
Dänewde mekdep okuwçylarynyň arasynda bäsleşik geçirildi

13
May