YKDYSADYÝET

Dänewde kelemdir şugundyryň bol hasyly ýetişdirildi

Dänew etrabynyň «Ýalkym» daýhan birleşiginiň 4-nji kärendeçiler topary kelemiň, şugundyryň bol hasylyny ýetişdirdi.
 — Kärendeçiler toparymyza 195 gektar ekerançylyk meýdany degişli bolup, şonuň 100 gektarynda gowaçanyň bol hasylyny ýetişdirdik. Şu günler pagta ýygymy gyzgalaňly dowam edýär. Bugdaý eken ýerimiziň her gektaryndan ortaça 40 sentnerden hasyl alyp, Watan harmanyna tabşyrdyk. Tomus aýlary orakdan boşan meýdanlarda irgözinden aralyk ekinleri ekdik. Üstümizdäki ýylda kelemden, şugundyrdan bol hasyla garaşýarys. 95 gektar meýdanda bolsa güýzki bugdaýy ekdik — diýip, daýhan birleşiginiň 4-nji kärendeçiler toparynyň ýolbaşçysy Babamyrat Permanow welaýat neşiriniň habarçysyna gürrüň berdi.