Golaýda Dänew etrabyndaky 2-nji orta mekdepde geografiýa we ykdysadyýetiň
esaslary dersleri boýunça ýöriteleşen usuly birleşme tarapyndan guralan okuwlarda hem öňdebaryjy mugallymlaryň iş tejribesi boýunça nutuklary diňlenildi.
Esasanda 7-nji orta mekdebiň mugallymy Jorakuly Kerimowyň, 35-nji orta mekdebiň mugallymy Ahmet Ýollyýewiň çykyşlary has täsirli boldy. Olar özleriniň iş tejribelerini ýaş mugallymlar bilen paýlaşdylar.
Döwrüň öňdebaryjy tehnologiýalaryndan ussatlyk bilen baş çykarýan ýaş mugallymlar Rejepbaý Haýdarow, Gapurjan Bahadurow dagy hem çäre mahalynda tebigy we takyk ugurly dersleri okatmagy kämilleşdirmekde peýdalanýan usul-tärleri dogrusynda gürrüň berdiler.
Dänewde iki ders boýunça usuly birleşmäniň okuwlary geçirildi

18
Jan