Dänewde göreldeli zenan bilim işgärleri sylaglanyldy
Halkara zenanlar güni mynasybetli Dänew etrap bilim bölümi we iri jemgyýetçilik guramalarynyň ýerli edaralary tarapyndan etrabyň öňdebaryjy bilim işgärlerini sylaglamak dabarasy geçirildi.
Sylaglanylanlaryň arasynda köp ýyllaryň dowamynda bu ulgamda işläp gelýän tejribeli kärdeşlerimiz hem, ýaş bilim işgärleri hem bar. Bu bolsa etrapda halypa-şägirtlik ýörelgeleriniň göwnejaý alnyp barylýandygyny, ýaş mugallymlardyr terbiýeçileriň halypalaryň göreldesine eýerip, işe yhlasly ýapyşýandyklaryny görkezýär.
Ýeri gelende aýtsak, etrabyň bilim işgärleri welaýat we döwlet derejeli jemgyýetçilik işlerine, bäsleşiklere işjeň gatnaşyp, olarda tapawutlanmagy başarýarlar. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ýaňy iki aýynyň tamamlanandygyna garamazdan, olaryň üstümizdäki ýylda gazanan üstünlikleri hem az däl.