BILIM

Dänewde döredijilik duşuşygy geçirildi

Dänew etrap bilim bölüminiň guramagynda 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli döredijilik işgärleri bilen duşuşyk geçirildi. Etrabyň 21-nji orta mekdebinde «Bitaraplyk —parahatçylygyň binýady» ady bilen geçirilen bu dabara bilim işgärleri, orta mekdepleriň döredijilik bilen meşgullanýan okuwçylary hem-de mugallymlary gatnaşdylar.
Duşuşygyň dowamynda oňa gatnaşan ýazyjy-şahyrlar ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesiniň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar
edilmeginiň 30 ýyllygy, şu mynasybetli türkmen döwletiniň teklibi bilen 2025-nji ýylyň bu guramanyň Baş Assambleýasy tarapyndan «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi hem-de dünýäde parahatçylygy
üpjün etmekde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň tutýan möhüm orny
barada täsirli çykyşlary etdiler. Dabara gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyzyň,
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik başlangyçlary bilen ýurdumyzda
gazanylýan okgunly ösüşler, eşretli zamanamyz, bagtyýar çagalyk dünýäsi
barada ýazan goşgularyny okap berdiler.
Täsirli geçen çäräniň dowamy zehinli çagalaryň güneşli Diýarymyzy, parahat
dünýämizi, toý-baýramly döwrümizi wasp edýän medeni çykyşlary bilen utgaşdy.