JEMGYÝET

Dänewde döredijilik bäsleşigi geçirildi

 Dänew etrabynyň bilim işgärleriniň arasynda “Magtymguly- köňülleriň şahyry” diýen at bilen yglan edilen döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlenildi.

 Bäsleşige, esasan hem, türkmen dili we edebiýat, taryh derslerini okadýan mugallymlar işjeň gatnaşyp, özleriniň ýazan goşgulary, oýlanmalary, hekaýalary bilen çykyş etdiler. Bäsleşige hödürlenilen işleriň aglaba bölegi beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň ýaşlary terbiýelemekdäki ornuna bagyşlandy.

 Döredijilik bäsleşiginiň netijeleri boýunça etrabyň 18-nji orta mekdebiň mugallymy Göwher Döwletowa birinji, 3-nji orta mekdebiň mugallymy Ýyldyzhan

Nerzullaýewa ikinji we 40-njy orta mekdepden Gülruh Zeripowa üçünji orunlara mynasyp boldular.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: