YKDYSADYÝET

Dänewde çagalar üçin medeni-dynç alyş merkezi açylar

Dänew etrabynda «Döwrebap çagalar dünýäsi» medeni-dynç alyş merkeziniň gurluşyk-gurnama işleri tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar.

Bu häzirkizaman merkeziň gurluşygynyň Dänew etrap häkimliginiň 2021-nji ýylyň jemleri boýunça ýurdumyzyň etraplarynyň we etrap hukukly şäherleriniň arasynda durmuş-ykdysady we medeni taýdan iň ýokary netijeleri gazanyp, göreldeli etrap hökmünde sylaglanylan pul baýragynyň hasabyna özleşdirilmegi aýratyn bellärliklidir.

Etrabyň Bahar şäherçesiniň çäginde 1,5 gektar meýdanda gurulýan merkez ýurduň gurluşyk-gurnama işlerinde öňdebaryjylaryň hatarynda tanalan «Jemşidiň jamy» hususy kärhanasy tarapyndan gurulýar.

Bu ýerde häzirki güne çenli çagalara we ululara niýetlenilen iki sany söwda dükany, 1 sany naharhana, içinde kömekçi otaglar ýerleşdirilen bir gatly dolandyryş binasy, ýangyndan goramaga niýetlenilen suw howdany, gezelenç meýdançalary guruldy. Binalaryň diwarlarynyň daşky bezeg işleri hem guramaçylykly alnyp barylýar. Gurluşyk-gurnama işlerinde 40-dan gowrak işçi-hünärmen zähmet çekýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: