JEMGYÝET

Dänewde aýdym-sazly maslahat geçirildi

Türkmenistanyň demokratik partiýasynyň etrap komiteti tarapyndan Dänew etrap medeniýet öýünde «Gahryman Arkadagymyz hem Arkadagly Gahryman Serdarymyz bilen Bitarap ýurdumyz dowamat dowam bolsun!» diýen at bilen dabaraly maslahat geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary,
welaýat we etrap halk maslahatlarynyň agzalary, etrabyň ýaşululary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, medeniýet we bilim ulgamlarynyň işgärleri gatnaşdylar.
Maslahatda çykyş edenler Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamanyň kabul edilmeginiň
şanly ýylymyzyň möhüm taryhy wakalarynyň birine öwrülendigini buýsanç bilen bellediler. Şeýle-de çykyşlarda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyztagallalary bilen berkarar döwletimiziň sebitde we  dünýäde parahatçylygy hem-de ynanyşmagy berkitmekde ygtybarly hyzmatdaş hökmünde ornuny has-
da berkidýändigi nygtaldy. Soňra maslahat etrabyň medeniýet we sungat işgärleriniň halkymyzyň bagtyýar durmuşyny, beýik özgertmeleri, döwletli döwrany wasp edýän aýdym-sazly çykyşlary bilen dowam etdi.