Dänewdäki zehinli gyz üstünliklerine üstünlik goşýar
Dänew etrabyndaky 18-nji orta mekdebiň 12-nji synp okuwçysy Bahar
Baýramowa eýýäm 5 ýaşynda aýdym aýtmagy öwrenýär. Ol şol döwürlerde
çagalar baglarynda geçirilýän dürli çärelere, «Garaşsyzlygyň merjen däneleri», «Iň eýjejik gyzjagaz» atly basleşiklere gatnasyp, öňdäki orunlara mynasyp bolýar. Baharyň aýdym-saz sungaty bilen gyzyklanmagyna öz atasy sebäp bolupdyr. Çünki atasy hem ýaşlygyndan aýdym-sazyň aşygy bolup, öýlerinde işe güýmenen halatlary aýdyma hiňlener eken. Ol atasyndan aýdym aýtmagyň tärlerini we inçe syrlaryny öwrenýär.
Aýdym aýtmaga höwesekligi Bahary Dänew etrabyndaky Seýdi şäher çagalar
sungat mekdebiniň gapysyndan getirýär. Oňa bu ýerde Ruhiýa Haýdarowa
fleýta saz guralyndan tälim berýär. Bahar çagalar sungat mekdebinde iň
göreldeli okuwçylaryň biridir. Ol çagalar sungat mekdebine gatnaýan
döwürlerinde mekdebiň aýdymçy gyzlar toparynyň agzasy bolup,
teleýaýlymlarda birnäçe sapar çykyş etdi.
Aýdymçy hem sazanda gyz orta mekdepde hem göreldeli okuwçylaryň
hatarynda tanalýar. Ol ýylyň-ýylyna «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly ders,
taslama bäsleşiklerinde öňdäki orunlara mynasyp bolýar. Zehinli gyz bularyň
daşyndan welaýat baş bilim müdirliginiň Dil we döredijilik merkezinde
aktýorçylyk ussatlygy hünäriniň-de diňleýjisi boldy. Bu ýerde ol tejribeli
mugallymlaryň ýolbaşçylygynda ukyp-başarnyklaryny has-da artdyrdy.
Ol şu ýylyň sentýabr aýynda geçirilen «Ýol hereketiniň howpsuzlygy —
ömrümiziň rahatlygy» atly bäsleşigiň döwlet tapgyrynyň, «Altyn asyryň altyn
zehinleri» atly bäsleşigiň biologiýa dersi boýunça etrap, welaýat tapgyrlarynyň, «Iň uzyn saçly gyz», «Garaşsyzlyk 33 ýaşynda» atly bäsleşikleriň ýeňijisi hem-de Gülbaba adyndaky çagalar baýragynyň eýesi boldy.