BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesiniň
üçünji gezek ykrar edilmegi mynasybetli Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň etrap komiteti etrabyň Garaşsyzlyk şäherçe medeniýet öýünde «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýen at bilen dabaraly maslahat geçirdi. Oňa etrabyň il sylagly ýaşululary, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri we dürli pudaklaryň zähmetkeşleri gatnaşdylar.
Maslahatda ýurdumyzda hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygyny halkara derejesinde bellemäge görülýän taýýarlyk işleri, geçirilýän çäreler barada aýdyldy.
Soňra maslahat etrabyň medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlary bilen dowam etdi. Ýerine ýetirilen joşgunly aýdymlarda bagtyýar döwrümiziň, nurana günlerimiziň waspy öz beýanyny tapdy.
Dänewdäki maslahat türkmen Bitaraplygynyň BMG tarapyndan üçünji gezek ykrar edilmegine bagyşlandy

28
Mar