Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Lebap welaýat we Dänew etrap birleşmeleri Dänew etrabynyň Seýdi şäher Pagta egriji fabriginde zähmetkeşler üçin howpsuz we amatly iş şertlerini döretmäge ýardam bermek hem-de önümçilikde betbagtçylyk hadysalaryň öňüni almak maksady bilen, gözegçileriniň, ýuristleriniň, KA-nyň guramalarynyň başlyklarynyň, gaznaçylarynyň we işgärler bölüminiň hünärmenleriniň gatnaşmaklarynda “Zähmeti goramak-sagdyn we hopwpsuz iş şertleriniň girewidir” atly okuw maslahatyny geçirildi.
Maslahatda önümçilikde betbagtçylykly hadysalaryň, hünär keselleriň, ýol-ulag we ýangynyň döremegi bilen bolup geçýän hadysalaryň öňüni almak boýunça maslahat berilip, sorag-jogaplar alyşyldy. Geljekde-de KA-nyň ilkinji guramalary öz agzalarynyň durmuş bähbitlerini we hukuklaryny Türkmenistanda hereket edýän kanunlarynyň çäklerinde kepillendirmek
ugrunda öz işini has-da kämilleşdirer.
Dänewdäki maslahat howpsuz iş şertlerine bagyşlandy
18
Apr

